Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Magtymguly hem-de Aýdere bölümlerinde miweli baglaryň, saýaly pürli agaçlaryň, bezeg gülleriniň saýlama görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär.
«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, häzirki wagtda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň Tokaý hojalygy müdirliginiň Balkan welaýat Tokaý hojalygynyň nahallaryndan bol hasyl getirýän zeýtun we nar ýaly subtropik baglar ýetişdirilýär.
Dag jülgelerinde beýleki subtropik miweli baglar bilen bir hatarda naryň birnäçe görnüşleri hem bitýär. Beýikligi adatça iki-üç metrden geçýän nar agaçlarynyň her bir düýbüniň hasyllylygy 20-den 70 kilograma çenli baryp ýetýär.
Tokaý hojalygynyň Magtymguly bölüminiň Näre, Tämil bölümçelerinde degişlilikde 6,5 we 2 gektar ýerde, Aýdere bölüminde bolsa birnäçe gektar ýerde erik, alma, armyt, nar, zeýtun, badam, beýi, üzüm ýaly miweli baglaryň dürli görnüşleri ekildi.