Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda halkara ýük daşamalary meseleleri boýunça maslahat geçiriler

09:4215.06.2022
0
5894

25-nji iýunda Aşgabatda Dost Halkasy Söwda Ulag Merkezi HJ-niň ýardam bermeginde Prime ShippingAgency LLC (Dubaý, BAE) halkara ulag-ekspeditorçylyk kompaniýasynyň guramagynda halkara ýük daşamalarynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça maslahat geçiriler.

Çärä gatnaşmak üçin logostika we halkara söwda ulgamyndaky hünärmenler çagyrylýar. Maslahat rus dilinde alnyp barlyp, iki görnüşde ýüzbe-ýüz we garyşyk görnüşinde geçiriler, gatnaşyp çykyş etjekleriň sany çäklidir.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 12 21 03 76, +993 65 85 26 46. Çäräniň geçiriljek ýeri we şertleri hakynda has jikme-jik maglumatlar soň neşir ediler.

Prime ShippingAgency LLC kompaniýasy tutuş dünýäde ýaýran agentler toruna, şahamçalara we assosirlenen hyzmatdaşlara eýedir. GDA, Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa sebitlerinde kompaniýanyň öz konteýner parky bar.

Dost Halkasy Söwda Merkezi HJ — Prime ShippingAgency LLC-nyň Türkmenistandaky resmi hyzmatdaşy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň