Şu gün Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň — Harby akademiýanyň, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň, Serhet institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetiniň uçurymlarynyň nobatdaky goýberilişi boldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, dabaralar däp bolşy ýaly, Aşgabatdaky Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Döwlet baýdak sütüniniň meýdançasynda Harby akademiýanyň diňleýjileriniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Harby akademiýanyň uçurymlaryna ýokary hünär bilimi baradaky diplomlar we degişli döşe dakylýan nyşanlar, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna bolsa serkerdelik şahsyýetnamalary gowşuryldy. Kalby ata Watana buýsanç duýgusyndan doly ýaş serkerdeler Döwlet baýdagynyň öňünde harby kasama wepaly boljakdyklaryna, Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimize ak ýürekden gulluk etjekdiklerine kasam kabul etdiler.
Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň şahsy düzüminiň nyzam tilsimleri boýunça ýerine ýetiren görkezme çykyşlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Uçurymlaryň dabaraly harby ýörişi her bir harby uçurymyň durmuşyndaky iň ähmiýetli pursadyň jemlenýändigini alamatlandyrdy.