Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putini Türkmenistana sapar bilen çagyrdy

16:2810.06.2022
0
14502
Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putini Türkmenistana sapar bilen çagyrdy
Surat: kremlin.ru

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kremlde Wladimir Putin bilen geçiren gepleşiginiň dowamynda Russiýa Federasiýaynyň Prezidentini islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegi baradaky çakylygy berdi.

Russiýanyň Prezidenti çakylygy kabul edip, Türkmenistana hökman resmi sapar bilen geljekdigini belledi.

Iki prezidentiň arasyndaky gepleşikler LIFE.RU web saýtynda ýaýlyma berildi.

Şu gün Kremlde Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri, şeýle-de halkara gün tertibini ara alyp maslahatlaşandygyny bellemek gerek.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 19-njy martynda döwlet Baştutany wezipesine girişenden soň, Russiýa amala aşyran sapary ilkinji daşary ýurt saparydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň