Soňky habarlar

Arhiw

«Apple» «Think different» şygaryny ulanmaga bolan hukugyny ýitirdi

15:4509.06.2022
0
2185
«Apple» «Think different» şygaryny ulanmaga bolan hukugyny ýitirdi

Ýyllarboýy meşhur bolup gelen «Think different» şygary indi «Apple» kompaniýasyna degişli däldir. Ferra.ru saýtynyň habar bermegine görä, bu ýagdaý kompaniýanyň şygary uzak wagtlap ulanmanlygy bilen bagly ýüze çykdy.

Indi bu şygar Ýewropada giňden ulanylyp başlandy. Oňa indi Şweýsariýanyň sagatlary öndürýän «Swatch» kompaniýasy eýeçilik edýär. Aslynda, hukukçylar «Apple» kompaniýasynyň bu şygaryny 5 ýyllap ulanman gelendigi üçin 2016-njy ýylda ulanyşdan aýyrmagy meýilleşdiripdiler.

Uly meşhurlyga eýe bolan şygar Apple kompaniýasy tarapyndan 1997-nji ýyldan ulanylyp başlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň