Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Çingiz Aýtmatowyň powestiniň gahrymanlary ýene Lebabyň döwlet sazly-drama teatrynda sahna çykýarlar

09:4006.06.2022
0
3951

Seýitnazar Seýdiniň adyny göterýän Lebap welaýatynyň döwlet sazly-drama teatrynyň sahnasynda Çingiz Aýtmatowyň powesti esasynda Alijan Hemraýewiň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan «Elwan ýaglykly serwim» atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy.

Sahna eserinde baş keşplerde teatryň zehinli artistleri Döwlet Haýytgulyýew hem-de Umyda Hemraýewa çykyş edýär. Sahnada Türkmenistanyň halk artistleri Babageldi Rejebow bilen Akjagül Suhanowa hem çykyş edýär.

Jeyhun.news web-saýtynyň habar bermegine görä, Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Çingiz Aýtmatowyň eserlerine goýlan ilkinji spektakl däldir. Mundan ozal Perhat Hudaýberenowyň režissýorlyk etmeginde «Ene toprak» spektakly hem tomaşaçylara görkezilipdi.

Belläp geçsek, «Elwan ýaglykly serwim» powesti ilkinji gezek 1961-nji ýylda neşir edildi. Birnäçe gezek filme düşürildi. 50 ýyldan gowrak wagt bäri bolsa, teatrlaryň birnäçesinde sahnalaşdyrylyp gelinýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň