Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysynyň wekili Teýmur Çaryýew Aziýanyň kubogy ― 2022-niň çäginde Eýranyň ýygyndysy bilen geçirilen duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada AFK-nyň resmi saýty habar berýär.
Marynyň «Energetiginiň» 21 ýaşly futbolçysy duşuşygyň birinji ýarymynyň ahyrynda oýna girdi we 80-nji minutda ýeňiş pökgüsini geçirdi.
AFK-nyň resmi saýty türkmen futbolçylarynyň bu ýeňşini taryhy ýeňiş diýip atlandyrdy.
«Güýçli garşydaş bilen bolan duşuşykda gazanylan ýeňiş diýseň begendirdi. Bu baýrak meýdanda diňe bir meniň ukyplaryma däl, tutuş toparyma, tälimçilerime berlen ýokary bahadyr.
11 metrlik jerim urgusyny geçirenimizde, duşuşykda ýeňiş gazanyp boljakdygyna has hem ynandyk. Ikinji ýarymda bolsa hüjümleri güýçlendirip, hasaby öz haýrymyza üýtgetmegi başardyk. Ähli zat toparyň tagallasy bilen gazanyldy, şeýle toparyň bir agzasydygyma diýseň buýsanýaryn.
Maňa mümkinçilik beren tälimçim Ahmet Agamyradowa hoşallyk bildirýärin. Indi bar ünsümizi Katar bilen boljak oýna bereris» diýip, duşuşygyň iň gowy oýunçysy aýtdy.