Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň welotrek boýunça ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşar

19:0303.06.2022
0
4789

Türkmenistanyň welosport boýunça milli ýygyndysy şu ýylyň 18 ― 22-nji iýuny aralygynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçiriljek trek boýunça Aziýanyň çempionatyna gatnaşar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berdi.

Ýaryş Indira Gandi adyndaky sport toplumynda geçiriler.

Yklym ýaryşynda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna Mahmut Aşyrow, Bekzot Açylow, Gadam Köşüliýew, Şirmyrat Agaýew, Orazgeldi Çaryýew, Soltanbaý Haýytbaýew, Şageldi Annageldiýew, Berdimyrat Ýazyýew, Jennet Gylyçdurdyýewa we Sewinç Gutlymyradowa dagylar wekilçilik eder. Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Nargeldi Igdirow, gözükdiriji we welomehanigi Ýewgeniý Şokindir.

Ýaryşyň dowamynda türkmenistanly türgenler sprint, git (1000 metr aralyga), keýrin, toparlaýyn çykyş, utuk, skreç we omnium boýunça çempionlyk üçin göreşerler.

«Yklym ýaryşynda biziň türgenlerimiziň medal gazanmak mümkinçiligi ýokary» diýip, trek boýunça tälimçi Igor Ýoldaşow neşiriň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy yklym ýaryşyna Aşgabatdaky Welotrek binasynda taýýarlyk görýär. Şol bir wagtda türkmenistanly türgenleriň dünýä çempionatyna we Dünýäniň kubogy ugrundaky ýaryşa hem taýýarlyk görýändigini nygtmaka gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň