Soňky habarlar

Arhiw

Beýik Britaniýada Ýelizaweta II-niň platina ýubileýi mynasybetli dabaralar başlandy

17:1503.06.2022
0
4109

Şa zenany Ýelizaweta II-niň dolandyrmagynyň 70 ýyl ýubileýi mynasybetli Beýik Britaniýada we ýene-de 54 sany döwletde yşyklandyryş maýaklary ýakyldy diýip, mir24 habar berýär. Windzor galasynyň içerki howlusynda hem-de Tegelek başnýanyň depesinde geçirilen dabara şa zenanynyň hut özi badalga berdi.

Çäre üçin kümüşden, platinadan we altyndan Ýer şarynyň nusgasy ýasaldy, onda diňe Britan Arkalaşygynyň ýurtlary görkezildi. Ýelizaweta II gymmat bahaly sowgada galtaşandan soň, müňlerçe öwüşgin bilen Agaçlardan dörän agaçlar atly heýkeltaraşlyk kompozisiýasy ýagtylandy.

Neşiriň bellemegine görä, dabaranyň barşynda yşyklandyryş alawlaryny ýurduň tutuş çäginde, şol sanda Londonyň Tauerinde, Adrianyň Walusynda, Şotlandiýadaky we Demirgazyk Irlandiýadaky patyşalyk galalarynda hem-de Beýik Britaniýanyň dört sany iň beýik dag nokatlarynda hem ýakmagy dowam etdiler.

Dabaraly çäreler Beýik Britaniýada dört günläp geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň