Türkmenistanyň Prezidenti Medine şäherine bardy

16:0202.06.2022
0
7883

«Turkmenportal» habarlar portalynda habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygynda iki günlük saparda bolýar. Hormatly Prezidentiň baştutanlygyndaky türkmen wekiliýeti saparynyň çäklerinde Medine şäherine baryp, Muhammet pygamberiň namaz okan ýerinde namaz okadylar we beýleki däp-dessurlary berjaý etdiler.

Arap neşirleriniň habar bermegine görä, türkmen wekiliýetini Medine şäheriniň Halkara howa menzilinde Medinäniň şazadasy Faýsal bin Salman bin Abdulaziz, Medine şäheriniň gubernatory, general-maýor Fahd bin Saud Al Juhani, polisiýa başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji general-maýor Ýusuf Al Zahrani we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Türkmen wekiliýeti saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn türkmen-saud duşuşyklaryny hem geçirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň