Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Çagalar we ýetginjekler üçin Aşgabatdaky tomusky okuw merkezleri barada gözükdiriji

09:5328.05.2022
0
22117

Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen çagalaryň we ýetginjekleriň okuwdan daşary gyzyklanmalary hem-de gurnaklara gatnamagy üçin has ýerlikli çözgüdi tapmak örän zerur işleriň biridir. Bu meselede paýtagtyň okuw merkezleriniň guramaçy hünärmenleri okuwlaryň we gyzyklanma sapaklarynyň täsirli görnüşlerini hödürleýärler.

Paýtagtyň okuw merkezleriniň we ol ýerde öwrenilýän ugurlaryň, olaryň habarlaşmak üçin maglumatlarynyň sanawy:

  1. «KIBERone» robototehnika kluby: 6 — 16 ýaş aralygyndaky çagalar we ýetginjekler üçin — programmirleme we robototehnika. Tölegsiz tanyşlyk sapagyna hem gatnaşyp bolýar. Telefon belgisi: +993 63 63 91 92.
  2. «Dana» okuw merkezi: iňlis we rus dilleri, matematika, mental arifmetika, robototehnika. 6 ýaşdan ulular üçin. Telefon belgileri: 927717 we 927727. Web saýty: www.dana.edu.tm. Okuwlar 30-njy maýdan we 27-nji iýundan başlanýar.
  3. «ImdatBot» okuw merkezi: robototehnika, şeýle-de şonuň bilen ugurdaş matematika, fizika, inženerçilik ýaly ugurlary öwrenmek üçin 4 — 14 ýaş aralygyndaky çagalar we ýetginjekler çagyrylýar. Telefon belgileri: +993 12 41 42 52 we +993 12 41 42 33. Salgysy: Aşgabat ş., A.Nyýazow köçesi (Ozalky Çehow), 147-nji jaý («Merdana» binasy). Okuwlar 30-njy maýdan başlanýar.
  4. «Dury zehin» okuw merkezi: 5 — 14 ýaş aralygyndaky çagalar we ýetginjekler kabul edilýär. Iňlis we rus dilleri, matematika, surat çekmek, şeýle-de aktýorlyk ussatlygy we el işleriniň hem-de beýleki sapaklar boýunça okuwlar geçilýär. Telefon belgisi: 903008. Okuwlar 1-nji iýundan başlanýar.
  5. «Ak nesil» okuw merkezi: 6 — 8 ýaş aralygyndaky çagalar üçin iňlis dili sapaklary, şeýle-de tölegsiz tanyşlyk sapagy geçilýär. Telefon belgileri: +99361119551, +99365015145 и 955018. Salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 129-njy jaý. Okuwlar 1-nji iýundan başlanýar.
  6. «Mertýaşlar» okuw mekezi: 6 ýaşdan başlap çagalara we ýetginjeklere, şeýle-de uly ýaşlylara okuw sapaklary geçirilýär. Web saýty: www.mertyashlar.flazio.com. Telefon belgileri: 964883 we +99365140111. Okuwlar 1-nji iýundan başlanýar.
  7. «Dalçyn» okuw merkezi: 7 ýaşdan uly çagalara iňlis dili, rus dili, nemes dili, fransuz dili, matematika, kompýuter sowatlylygy ýaly sapaklar geçilýär. Telefon belgileri: +99312414007, +99312414008 we +99363957733. Web saýty: www.dalchyn.com. Okuwlar 2-nji iýundan başlanýar.
  8. «Daýan» okuw merkezi: iňlis we rus dilleri boýunça sapaklar, surat çekmek, küşt oýnamak we multfilme tomaşa etmek boýunça gyzyklanmalar. Telefon belgileri: +99312471695 we +99312471698. Web saýty: www.okuwadayan.com. Okuwlar 6-njy iýundan başlanýar.
  9. «Zehin» okuw merkezi: 6-7 ýaşdan ýokary çagalar üçin; iňlis dili, rus dili, şeýle-de matematika we mental arifmetika sapaklary. Web saýty: www.zehin-okuw-merkezi.business.site . Telefon belgisi: 279944. Okuwlar 13-nji iýunda başlanýar.
  10. «Kämil bilim» okuw merkezi: 6 ýaşdan uly çagalar üçin; iňlis dili, rus dili, matematika we kompýuter sowatlylygy boýunça sapaklar. Telefon belgisi: 368295. Okuwlar 13-nji iýunda başlanýar.

Tomusky okuw merkezleri çagalar we ýetginjekler üçin dynç alyş möwsümini ýerlikli we peýdaly geçirmäge, täze bilimleri we başarnyklary özleşdirmäge, şeýle-de IT-tehnologiýalar, iňlis dili we rus dili ýaly bilimleri has çuňňur öwrenmek üçin esas bolup hyzmat edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň