Soňky habarlar

Arhiw

Angliýada ýylyň tälimçisi ― Ýurgen Klopp!

18:0625.05.2022
0
2645
Angliýada ýylyň tälimçisi ― Ýurgen Klopp!

Ýurgen Klopp Angliýanyň Premýer-ligasynyň tamamlanan möwsüminiň iň gowy tälimçisi saýlanyldy. Onuň topary ― «Liwerpul» çempion «Mançester Sitiden» 1 utugy az toplap, kümüş medalyň eýesi boldy.

Şeýlelikde, 54 ýaşly nemes tälimçi karýerasynda ikinji gezek APL-niň bir möwsümindäki iň gowy tälimçi saýlanyldy. Ol ozal bu başarnyga 2020-nji ýyla eýe bolupdy.

Ýeri gelende aýtsak, bu baýrak Aleks Fergýusona 11, Arsen Wengere, Žoze Mourinýo we Pep Gwardiola 3 gezek berildi.

Liga tälimçileri assosiasiýasy hem Ýurgen Kloppy ýylyň iň gowy tälimçisi hökmünde ykrar etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň