Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat — Kazan gatnawynyň ýolagçylaryna deslapdan ýazga durmazdan Russiýa gyssagly wizalar resmileşdiriler

17:1125.05.2022
0
65607
Aşgabat — Kazan gatnawynyň ýolagçylaryna deslapdan ýazga durmazdan Russiýa gyssagly wizalar resmileşdiriler

Aşgabat — Kazan howa gatnawy bilen Russiýa gitmegi meýilleşdirýän daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk şahslar Russiýa gitmek üçin degişli kesgitli tertipde wizalary resmileşdirmelidirler. Bu baradaky has giňişleýin maglumatlar Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Konsullyk bölüminiň Telegram kanalynda ýerleşdirilendir.

Kazana howa gatnawlarynyň her hepdäniň çarşenbe güni Aşgabat wagty bilen sagat 14:55-de guraljakdygyny ýatladýarys.

2022-nji ýylyň 1-nji, 8-nji, 15-nji hem-de 22-nji iýunynda Kazan şäherine uçjak şahslar wizalary resmileşdirmek üçin deslapdan ýazga durmazdan resminamalaryny tabşyryp bilerler. Görkezilen şahslara diňe gyssagly wizalar resmileşdiriler.

Konsullyk amallary üçin tölegleriň nyrhyna görä, adaty bir gezeklik wizanyň bahasy - 80 $, gyssagly wizanyň bahasy bolsa - 160 $ barabardyr ​​(1 — 3 iş gününiň dowamynda resmileşdirilýär).

Gerekli resminamalardan başga-da, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň howa gatnawy üçin alnan petekler görkezilen senelerde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Konsullyk bölüminiň kabulhanasyna eltilmelidir.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Konsullyk bölümi bu gatnawlaryň guramaçylygy bilen iş salyşmaýar. Çeşmäniň habar berşi ýaly, ýolagçylar gidişini türkmenleriň ygtyýarly edaralary bilen utgaşdyrýarlar we özbaşdak howa peteklerini satyn alýarlar.

Giňişleýin maglumatlar Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň resmi saýtyndaky «Визовая информация» bölüminde ýerleşdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň