Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«BMW-niň» Türkmenistandaky «Autohouse GmbH» kompaniýasynyň direktory häzirki işler barada gürrüň berdi

11:4120.05.2022
0
36236

Eýýäm köp ýyllardan bäri «BMW» awtoulag şereketiniň Türkmenistandaky bölümi bolan «Autohouse GmbH» kompaniýasy döwletiň dürli pudaklarynyň ösmegine ýardamyny ýetirmek bilen, ykdysadyýetiň özgerişine we döwrebaplaşmagyna, şeýle-de sport ulgamynyň ösüşine mynasyp täsirini ýetirip gelýär.

«Autohouse GmbH» kompaniýasynyň baş direktory Murat Ramazanow «Turkmenportal» habarlar portalynyň habarçysy bilen geçiren söhbetdeşliginde kompaniýa tarapyndan häzirki döwrüň möhüm ugurlarynda işleriň hem-de ýurt bilen bilelikde jemgyýetçilik ähmiýetli taslamalar babatda hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny aýtdy.

2000-nji ýylda «Autohouse GmbH» kompaniýasynyň esaslandyrylan wagtyndan bäri Murat Ramazanowyň ýolbaşçylygynda BMW, MINI hem-de BMW Motorrad awtoulag brendleri ýurtda özboluşly orna eýe bolup, awtoulag söýüjileriniň arasynda meşhurlyga eýe boldy we köpçüligiň ünsüni çekmegi başardy.

«BMW» konserni has möhüm zatlara üns bermek bilen, sürüjileriň we pyýadalaryň howpsuzlygyny ilkinji orunda goýýar, şeýle-de ýurtda ýol-ulag düzgünleriniň talaplaryna kybap işlemegi nazarda tutýar. Bu ugurda dessin-gulluk işleri, ilat bilen inspeksiýa we profilaktika işleri üçin BMW-X6M ýeňil awtoulaglary, BMW-1200RT, 1600RT motosiklleri üpjün edildi. Häzirki wagtda bu ulag serişdeleriniň ählisi harby we hukuk goraýjy edaralar, polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan işjeň peýdalanylýar» – diýip, Murat Ramazanow belleýär.

Bu resmi paýlaýjy tarapyndan Türkmenistana getirilen awtoulaglaryň ählisine ýokary hünär taýýarlygy bolan, elektroulaglary bejermäge hem mümkinçilikleri bolan hünärmenler hyzmat edýärler. Murat Ramazanowyň ýolbaşçylygynda «Autohouse GmbH» kompaniýasynyň hünärmenleri Germaniýa, Russiýa hem-de Azerbaýjan ýaly ýurtlaryň okuw merkezlerinde hünär başarnyklaryny kämilleşdirdiler. Şonuň ýaly-da, Germaniýadan «BMW» şereketiniň hünärmenleri hem Aşgabada gelip, PÝGG-niň işgärlerine gözükdirme beriji sapaklary, şeýle-de motosikli dolandyrmak ussatlygyny ýokarlandyrmak bilen bagly sapaklary geçdiler.

«BMW» Türkmenistanda geçirilen birnäçe iri jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň guramaçylygyna hem öz mynasyp ýardamyny ýetirdi. Muradyň bellemegine görä, «Autohouse GmbH» kompaniýasy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda myhmanlar üçin ýörite hyzmatlary ýetirmäge niýetlenen awtoulaglaryň 50-sini üpjün etdi.

«Şeýle-de «Autohouse GmbH» Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen bilelikde ýörite awtoulaglarda sport ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen «BMW motosport Türkmenistan» sport toparyny hem döretdi – diýip, kärhananyň ýolbaşçysy sözünde belleýär.

Eýýäm bir ýyldan soň bolsa «BMW» Türkmenistanda geçirilen giň gerimli ýaryşda «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynda çykyş etdi.

Bu ýaryşda gatnaşyjylar Amyderýanyň kenarynda badalga alyp, ýurduň Gündogaryndan Günbataryna çenli Garagumyň belentli-pesli aňňatlarynyň arasy bilen müň ýarym kilometrden gowrak aralygy geçip, Awazada ýaryşy tamamladylar.

Nemesleriň awtoulag konserniniň ulaglary ýaryşyň bütin dowamynda birinjilige eýermek bilen, üstünlikli çykyş etdiler we türkmen sportunyň taryhyna adyny ýazdyrdylar. Netijede bolsa, bawar awto konserniniň ulaglary 1 altyn hem-de 1 bürünç medallary eýelemegi başardylar.

Awtoralliniň 5 tapgyrynyň netijelerine laýyklykda, iň tapawutly çykyş edenler hökmünde ýeňiş münberine MINI ulagynda görkezen ussatlyklary bilen ispanlar Nani Roma we Aleks Haro dagy çykdylar. Bu sanawda üçünji baýrakly orna bolsa başga bir MINI awtoulagynda çykyş eden türkmen türgenleri Hojaguly Annamämmedow bilen Gaýgysyz Akmyradow mynasyp boldular.

«Autohouse GmbH» kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanda iki onýyllygyň dowamynda gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler ýokary bahalar bilen tanalýar.

2020-nji ýylda «Autohouse GmbH» kompaniýasynyň baş direktory Murat Ramazanow Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen hormatly orden bilen sylaglandy.

«BMW-niň» Türkmenistandaky wekiliniň bu hili üstünliklerine konserniň Gündogar Ýewropa Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktory Wiktor Eýsenbrawn tarapyndan hem ýokary baha berildi:

«Murat Remezanow «BMW Group» konserninde dolandyryjy hökmünde uly göreldä eýe hasap edilýär. Ol yhlasly we zähmetsöýer iş alyp barmagy bilen BMW Group konserninde öz kybap ornuny tapdy. Onuň ýolbaşçylygynda «Autohouse GmbH» kompaniýasy mümkinçiliklerini yzygiderli açyp, işewürlik çygrynyň özgerişinde müşderiler üçin amatly şertleri açýar. 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda onuň bu kompaniýa ýolbaşçylygy netijesinde ýokary tejribe gazanylyp, ol kärhananyň Garaşsyz Türkmenistanyň we BMW-niň hyzmatdaşlygynyň esasynda üstünlik sepgitlerine ýetmegine itergi berdi».

«BMW» konserni — bu diňe bir öňdebaryjy awtoulag önümçilik kärhanasy bolman, eýsem özboluşly maşgala çalymdaş hem-de öz agzalarynyň ähli babatda aladasyny edýär. Her bir täze «BMW» awtoulagynyň eýesi üç ýyllyk tölegsiz awtoulag hyzmatlaryndan peýdalanmak bilen, esasyny täsirlilik, ýokary hil hem-de döwrebaplyk düzýän elita toparyna girýär» – diýip, Ramazanow pikirini paýlaşýar.

«BMW» — bu ilkinji nobatda, tizlik, nemesleriň jikme-jikliklere berýän ünsüniň netijesi hem-de içerki bezeglerde ergonomiki çözgütler, şeýle-de, elbetde, awtoulagy dolandyrmakdan we onuň düzüliş hilinden lezzet almakdyr.

Bu günki günde «BMW» dünýä tejribesi hökmünde howa şertlerine laýyk iş guramaga aýratyn ähmiýet berip, bu barada alada edýär. Awtokonsern şu hili işleriň çözgüdi gözlemek bilen birlikde olaryň eýýämden durmuşa geçirýär.

Bu babatda «BMW» AG edarasynyň ýolbaşçysy Oliwer Sipse Şotlandiýanyň paýtagty Glazgoda geçen BMG-niň Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek bilen bagly maslahatynda howanyň arassalygyny üpjün etmegiň zerurdygyny, şunuň bilen baglylykda hem howa düşýän hapa zyňyndylaryň, şol sanda kömürturşy gazynyň mukdaryny 2030-njy ýyla çenli häzirkiden 40% azaltmagyň, 2050-nji ýyla çenli bolsa ony doly kadalaşdyrmagyň hökmanydygyny bellemek bilen çykyş etdi.

«BMW» konserni ýokary ätiýaçlygy bolan, has takygy 500 kilometr hereket ätiýaçlykly elektrik awtoulaglarynyň köp sanly görnüşlerini müşderilere hödürleýär.

Şu aýdylanlar bilen birlikde, Türkmenistan BMG-niň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek bilen bagly esasy konwensiýalara hem-de Pariž Ylalaşmasyna gol çekip, öz üstüne düşýän wezipelere yzygiderli eýerýär. Nebit-gaz ulgamlarynda, elektrik hem-de himiýa önümçiliginde, ulag ulgamynda we beýleki senagat pudaklarynda howanyň düzümine parnik gazlarynyň düşmeginiň öňüni almagy nazarda tutýan birnäçe çäreler geçirilip durulýar.

«BMW Group» konserni Türkmenistanyň saýlap alan ösüş ugruny doly goldaýar we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň dünýä derejesindäki ýörelgelerine gönükdirilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň gülläp ösmegine uly umyt bildirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň