Kyrk ýyl bäri ýokary okuw mekdebine girmäge synanyşýar

18:2619.05.2022
0
5716

Hytaýly 55 ýaşly erkek kişi eýýäm 40 ýyl bäri şol bir ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge synanyşýar. Ol Syçuan uniwersitetine eýýäm 26-njy gezek giriş synaglaryny tabşyrdy, emma her gezek onuň synanyşygy şowsuz tamamlandy diýip, Next Shark internet portaly habar berdi diýip, MIR24 ýazýar.

Lýan Şi atly adam ilkinji gezek 1983-nji ýylda talyp bolmak kararyna geldi, emma oňa okuw girmek üçin ýeterlik ballary toplamak başartmady. Şi häzir işi oňan telekeçi bolup ýetişdi, onuň gurluşyk harytlaryny öndürýän kompaniýasy bar. Emma ol barybir ýokary bilimlidigi barada diplom almak isleýär.

“Meniň ýaňy 55 ýaşym bar, taryhdan we geografiýadan kynçylyk çekemok, şonuň üçin synaglary tabşyrmakdan el çekmekçi däl” diýip, hytaýly aýdýar.

Mundan birnäçe ýyl italiýaly 96 ýaşly Juzeppe Paterno ýurduň Palermo uniwersitetiniň iň ýaşuly talyby bolupdy we uniwersiteti üstünlikli tamamlapdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň