Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň alyş göreşi boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşar

17:2419.05.2022
0
5160

Türkmenistanyň alyş göreşi boýunça milli ýygyndysynyň 21 ― 23-nji maý aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäherinde geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Yklym çempionatynda medallaryň 24 toplumy üçin ýiti göreş alnyp barlar.

Oňa 14 döwletden 300 türgen gatnaşar. Yklym çempionatyna biziň ildeşlerimizden başga-da Owganystanyň, Hindistanyň, Indoneziýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Koreýa Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Filippinleriň we Ýaponiýanyň wekilleri gatnaşar.

Ähli tutluşyklary A.Suýumbaýew adyndaky sport toplumynda geçiriljek ýaryşda erkekler erkin usul boýunça 60, 70, 80, 90, 100 kilograma çenli we 100 kilogramdan ýokary, nusgawy usul boýunça hem edil şu agram derejelerinde güýç synanyşarlar.

Zenanlaryň arasyndaky ýaryşlar bolsa iki görnüşde hem 55, 60, 65, 70, 75 kilograma çenli we 75 kilogramdan ýokary agram derejesinde geçiriler.

Çempionata gatnaşýan türkmen toparyna 14 adam wekilçilik edýär. Daýanç Orazmuhammedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetimiziň düzüminde tälimçi, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy Nuraly Lollykow hem-de 12 türgen bar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Nigara Jumanyýazowa, Gülnara Joraýewa, Jemal Owlýakulyýewa, Nazyýa Joraýewa hem-de Türkmenistanyň Guşakly göreş görnüşleri federasiýasynyň türgeni Maral Garjykowa gyzlaryň bäsleşiklerinde çykyş edýärler.

Daýanç Guwanjow (Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby), Iskender Aşyrow (Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby), Agaýusup Garaýew (Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby), Rozymyrat Medow, Arslan Hojamberdiýew (ikisi hem Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001 harby bölüminiň esgeri), Pälwan Gurbangeldiýew (Türkmenistanyň Inžener tehnologiýalar we ulag kommunikasiýalary talyby) hem-de Nurmuhammet Aýdogdyýew (Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby) dagy bolsa oglanlaryň ýaryşlarynda türkmen sportunyň abraýyny gorar.

Bu ýaryş türgenler üçin şu ýyl Türkiýede geçiriljek Bütindünýä çarwadarlaryň oýunlary üçin möhüm saýlama tapgyryna öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň