Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeskina üýtgetmeler girizildi

14:2216.05.2022
0
57280

Türkmen metbugatynda «Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny çap edildi.

Täze kanunçylyk namasynda 252-nji maddadan soň 2521-nji mad­da goşuldy. Ol «San­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ul­ga­my­ny peý­da­lan­mak ar­ka­ly so­rag et­me­giň, ýüz­leş­dir­me­giň, ta­na­mak üçin gör­kez­me­giň aý­ra­tyn­lyk­la­ry» diýlip atlandyrylýar.

Şeýle hem 393-nji maddadan soň şu mazmunly madda goşuldy: «3931-nji mad­da. San­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ul­ga­my­ny peý­da­lan­mak ar­ka­ly şa­ýa­dy so­rag et­me­giň aý­ra­tyn­lyk­la­ry».

Kanundaky beýleki üýtgetmeleri şu salgydan dolulygyna okap bilersiňiz.

Kanun Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan şu ýylyň 8-nji maýynda tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň