Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «HP» we «Lenovo» noutbuklaryny 15%-e çenli arzan almak mümkinçiligi döredildi

11:3211.05.2022
0
16381

«Gerekli» internet dükanynda alyjylara harytlary arzan bahadan ýetirilýän arzanladyş güni başlady.

Onlaýn dükanyň harytlarynyň hatarynda hojalyk enjamlarynyň köp sanly görnüşleri, smartfonlar, personal kompýuterler, noutbuklar, kompýuteriň düzüm bölekleri we aksessuarlary ýokary hil kepilligi bilen müşderilere ýetirilýär.

Häzirki wagtda «Gerekli» internet dükanynda «HP» hem-de «Lenovo» noutbuklaryna 1000 manat arzanladyşly aksiýanyň dowam edýändigini bellemek gerek. Şoňa laýyklykda bolsa, häzir türkmenistanlylar üçin ýokary hilli we tehniki taýdan guratlygy kepillendirilýän noutbuklary amatly bahadan satyn almak mümkinçiligi bardyr.

Şunuň bilen birlikde, dükanda her aýyň dowamynda iki gezek (çarşenbe günleri) «Mega-arzanladyş» aksiýasynyň geçirilýändigini we onda Premium derejesine eýe bolan müşderileriň harytlary 90% arzan bahadan alyp bilýändigini ýatladýarys.

«Gerekli» internet dükanyndan harytlary saýtyň üsti bilen ýa-da App Store-da hem-de Google Play-de elýeter bolan ykjam goşundydan onlaýn sargyt edip bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň