2022-nji ýylyň 12-13-nji maýynda Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy geçiriler. Bu möhüm ähmiýetli çärelere Russiýadan, sebitiň ýurtlaryndan parlamentarilerdir halkara guramalaryň wekilleriniň, bilermenleriň köp sanlysynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
«Merkezi Aziýa — Russiýa Federasiýasy» görnüşinde sebitde ilkinji gezek geçirilmegi meýilleşdirilýän Parlamentara forum we zenanlaryň dialogy däp bolan dostlukly türkmen-rus, türkmen-gazak, türkmen-gyrgyz, türkmen-täjik, türkmen-özbek gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda aýratyn ähmiýete eýe bolar.
Belläp geçsek, Aşgabatda «Merkezi Aziýa — Russiýa Federasiýasy» görnüşinde ilkinji gezek parlamentarileriň we zenanlaryň forumynyň geçirilmegi Türkmenistanyň döwlet dolandyryşynda hem-de diplomatiýanyň möhüm ugurlarynda toplan oňyn tejribesini parlamentara meýdançalaryň çäginde ýaýratmaga, bu ugurda öňde durýan anyk wezipeleri ýakyndan ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer. Bu çäreler Türkmenistanyň dünýä döwletlerini ylalaşyga we dialoga, ählumumy abadançylyga, ösüşe çagyrýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň täze taryhy döwürde has-da ilerledilýändigini giňden açyp görkezýän möhüm syýasy wakalar hökmünde hem uly ähmiýete eýe bolar.