Dünýä belli bolan «LC Waikiki» haryt nyşanly fransuz-türk egin-eşik kompaniýasynyň Türkmenistandaky ilkinji resmi wekiliniň Aşgabatdaky «Berkarar» söwda we medeni-dynç alyş merkezinde täze dükany işe başlar. Egin-eşik dükanynyň açylyş dabarasy şu ýylyň 13-nji maýynda geçiriler.
Ýokary hilli egin-eşik dükany «Berkarar» söwda we medeni-dynç alyş merkeziniň 3-nji gatynda ýerleşýär.
«LC Waikiki» indi öz müşderilerini döwrebap biçüwdäki egin-eşikler bilen üpjün eder. Indi müşderiler onlaýn dükanlardan göwün islän egin-eşiklerini sargyt edip, birnäçe hepde garaşmaly bolmazlar. Çünki «LC Waikiki» dükany alyjylara dürli görnüşdäki lybaslary amatly bahadan hödürleýär.
Täze dükan amatly ýerde ýerleşip, onda zenanlar, erkekler, şeýle-de çagalar üçin egin-eşikleriň giň toplumyny hödürlenýär.
«Berkarar» söwda we medeni-dynç alyş merkezindäki «LC Waikiki» dükanynyň beýleki egin-eşik dükanlaryndan tapawutly tarapy, bu ýerdäki harytlaryň bahasy Türkiýeden onlaýn dükanlar arkaly getirilýän egin-eşikleriň bahasy bilen birmeňzeş bolmagydyr.
Indi Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary dünýä belli «LC Waikikiniň» ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa egin-eşiklerini amatly bahalardan satyn alyp bilerler.
«LC Waikiki» haryt nyşanly dünýä belli egin-eşik kompaniýasynyň dünýäniň 47 ýurdunda 1047 dükany hereket edýär. Bu bolsa «LC Waikikiniň» dünýä meşhurdygyny has-da äşgär edýär.
«LC Waikiki» — Her bir adam gowy geýinmäge mynasypdyr» diýen jümle bilen öz müşderilerini hemişe döwrebap egin-eşikler bilen begendirip durýar.