Top.Mail.Ru

“Volvo Cars” ýarymgeçirijileriň ýetmeýändigi sebäpli Şwesiýadaky önümçiligi togtadýar

12:3610.05.2022
0
1466
“Volvo Cars” ýarymgeçirijileriň ýetmeýändigi sebäpli Şwesiýadaky önümçiligi togtadýar
Surat: telegraphindia.com

“Volvo Cars” awtoulag önümçilikçisi Şwesiýanyň Torslanda diýen ýerindäki zawodynda önümçiligini togtadýar. Bu barada düýn “Goteborgs-Posten” gazeti habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Önümçiligiň saklanylmagy şu günden penşenbä çenli dowam eder, munuň sebäbi şaýlaryň ýetmezçiligidir. “Bu HHR-da koronawirus pandemiýasynyň ýüze çykmagy bilen bagly üpjünçilikde ýüze çykan kynçylyklaryň netijesidir” diýip, kompaniýanyň metbugat wekili Ian Tonkin habar berdi.

Ýagdaýa, esasan, ýarymgeçirijileriň ýetmeýändigi täsir edýär.

“Volvo Cars” önümçiligine “Geely” hytaý kompaniýasy eýelik edýär, ol bu şwed kärhanasyny 2010-njy ýylda “Ford Motor” konserninden 1,8 milliard ABŞ dollaryna satyn aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň