Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

22:1108.05.2022
0
4588

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Inýasio Kassise we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Türkmen Lideri gutlag hatynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalar arkaly mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutany Prezident Inýasio Kassise tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň halkyna bolsa öňegidişlik we rowaçlyk arzuw etdi.

Belläp geçsek, Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 8-nji maýynda ýola goýuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň