Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň, Eýranyň we Gazagystanyň diplomatlary Astrahanda Baky alawa gül goýdular

23:0005.05.2022
0
7871

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan beýik ýeňşiň 77 ýyllygynyň öňüsyrasynda Astrahandaky Doganlyk bagynda «Baky şöhrat alawynyň» ýadygärliginde gül goýmak dabarasy geçirildi. Bu barada lotosgtrk.ru saýty habar berýär.

Bu çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Baş konsuly Mehdi Akuçakian, Gazagystanyň Baş konsuly Tauboldy Umbetbaýew, Türkmenistanyň konsuly Güýç Garaýew, şeýle hem Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Astrahandaky wekiliniň wezipelerini ýerine ýetiriji Mergen Jewakow dagy gatnaşdy.

Diplomatlar Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlyk yglan etmek bilen olary hormatladylar we dabaradan soň Astrahanyň halkyny ýakyn wagtda belleniljek Ýeňiş güni bilen gutladylar.

«Bu urşa 300 müňden gowrak türkmenistanly gatnaşdy, olaryň onlarça müňüsi gaýdyp gelmediler. Soňky maglumatlara laýyklykda mälim bolşy ýaly, türkmen gahrymanlarynyň 130 müňden gowragy medallar we ordenler bilen sylaglandylar, 104 sany türkmen Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen hormatly ada mynasyp boldular, 15-isi bolsa kawaler ordenleri bilen sylaglandy. Türkmen gelin-gyzlary bolsa uruş ýyllarynda gorag gaznasy üçin 7 müň 222 kilogram altyn we kümüş şaý-seplerini tabşyrdylar. Bu bolsa uly goşant we beýik ynsanperwerlikdir. Astrahanyň ilatyna asmanlarynyň asuda, ýaşaýşynyň parahat we abadan bolmagyny arzuw edýärin» – diýip, Güýç Garaýew belledi.

9-njy maýda Russiýada Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy bellenilip geçiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň