Soňky habarlar

Arhiw

Baş prokuror unuň we ösümlik ýagynyň bikanun ýollar bilen satylandygy barada hasabat berdi

21:5705.05.2022
0
41341

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, onuň dowamynda Baş prokuror B.Atdaýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle-de Baş prokuror Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde korrupsiýa hem-de parahorluk bilen bagly ýol berlen jenaýat işleri boýunça geçirilen derňewleriň netijeleri baradaky maglumatlary Döwlet Baştutanyna ýetirdi.

Habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Söwda we daşary aragatnaşyklar ministrliginiň Ahal welaýatynyň, Aşgabat şäheriniň söwda bölümlerinde, dükanlarynda geçirilen barlag-seljerme işleriniň netijesinde daýhanlaryň yhlasyndan döräp, halkyň rysgaly hasaplanýan bugdaý ununy, ösümlik ýagyny açyk söwdadan gizläp, gymmat bahadan satyp baýamak islän adamlaryň hyýanatçylykly etmişleriniň üsti açyldy.

Baş prokuroryň hasabatyna görä, geçirilen deslapky derňewde Türkmenistanyň Söwda we daşary aragatnaşyklar ministrliginiň Ahal welaýat alyjylar jemgyýetiniň birleşiginiň Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň başlygy wezipesinde işlän Rahman Bäşimow wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, ýolbaşçysy Ahal welaýat alyjylar jemgyýetiniň birleşiginiň başlygy wezipesinde işlän Rahtşa Durdynazarow we Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň ammar müdiri wezipesinde işlän Muhammetoraz Abdyllaýew dagylar bilen deslapdan jenaýatçylykly dilleşip, Büzmeýin alyjylar jemgyýetinde işçi wezipesinde işlän Muhammetmyrat Goşunow, 1-nji dükanyň satyjysy wezipesinde işlän Berdinazar Zahyrow, 3-nji dükanyň müdiri wezipesinde işlän Ymamgeldi Meredow, 4-nji dükanyň müdiri wezipesinde işlän Ýazgeldi Seýdalyýew, jemgyýetiň ekspeditory wezipesinde işlän Ybraýym Zahyrow hem-de raýatlar Azymmyrat Sähetmyradow, Bäşimguly Ataýew, Rahymberdi Çopanow dagynyň üsti bilen, degişli döwlet edara-kärhanalary tarapyndan Alyjylar jemgyýetlerine ýeňillikli bahadan ilata satmak üçin üpjün edilen, jemi agramy 1 müň 320 tonna bugdaý ununy öz dükanlarynda ilata satman, ony bikanun ýollar arkaly unuň hil derejesine görä, her haltasyny 106 manatdan 320 manada çenli ýokarlandyrylan bahadan bikanun ýerläp, söwda düzgünlerini bozup, netijede emele gelen 4 million 167 müň 802 müň manat aýratyn uly möçberdäki baha aratapawudyny para hökmünde alyp gelendikleri ýüze çykaryldy. Şeýle hem R.Bäşimow şärikleri bilen deslapdan dilleşip, ýolbaşçylyk eden alyjylar jemgyýetine ýeňillikli bahadan ilata satmak üçin üpjün edilen, jemi 62 müň 184 litr Ahal ösümlik ýagyny we 41 müň 310 kilogram guýma pagta ýagyny öz dükanlarynda ilata satmandyrlar. Şeýle-de Ahal welaýat alyjylar jemgyýetiniň birleşiginiň başlygy wezipesinde işlän R.Durdynazarow wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanyp, özüne we tanyş telekeçilerine degişli bolan, ulanyş möhleti tamamlanyp barýan azyk hem-de hojalyk harytlaryny öz garamagyndaky alyjylar jemgyýetlerine ýokarlandyrylan bahadan uly möçberde satyn aldyryp, şol harytlaryň paýlanyp satylmagyndan emele gelen baha atapawudyny özüne alyp, döwletiň emlägini eýeläp, ogurlap gelipdir. Şonuň ýaly-da, R.Durdynazarow ýolbaşçylyk edýän Ahal welaýat alyjylar jemgyýetiniň birleşigine degişli, jemi 105 müň 386 manatlyk emläklerini özüne bikanun alyp, döwletiň aýratyn uly möçberdäki emläklerini eýeläp, ogurlapdyr. Netije-de, R.Durdynazarow beýan edilen jenaýatçylykly hereketlerini amala aşyrmak bilen, Ahal welaýat alyjylar jemgyýetiniň birleşigine umumy jemi 5 million 522 müň 420 manat aýratyn uly möçberde maddy zyýan ýetiripdir. Şeýlelikde, R.Durdynazarow özüniň jenaýatçylykly hereketleriniň netijesinde gazanan pul serişdelerine eýelik edilmegini kanuny görnüşe getirmek maksady bilen, onuň bikanun gelip çykyşyny ýaşyryp, bu pul serişdelerine jemi bazar bahasy 4 million 190 manatlyk alty sany awtoulagy, jemi bazar bahasy 6 million 426 müň manatlyk üç sany ýaşaýyş jaýyny we olaryň emläklerini, jemi bahasy 261 müň 300 manatlyk bir sany haly dükanynyň emläklerini, jemi bahasy 382 müň manatlyk bir sany kafeniň emläklerini satyn alyp, jenaýatçylykly ýol bilen gazanan pul serişdelerini kanunlaşdyryp gelipdir.

Deslapky derňewiň dowamynda Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň Büzmeýin hojalyk hasaplaşygyndaky bazarynyň direktory wezipesinde işlän Guwançmyrat Babaýewiň wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, resminamalary galplaşdyryp, ýolbaşçylyk edýän bazarynyň jemi 4 million 237 müň manatlyk emläklerini bikanun ýollar bilen satyp, onuň pullaryny bazaryň hasabyna girdeji etmän, aýratyn uly möçberde pul serişdelerini eýeläp, ogurlandygy ýüze çykaryldy. Şeýle hem G.Babaýewiň tabynlygynda bolup, bazaryň gözegçisi wezipesinde işlän Seýitnyýaz Rejebowa özüniň şahsy hojalyk işlerini etdirip, onuň öz iş ýerine barmaýandygyna, wezipe borçlaryny ýerine ýetirmeýändigine garamazdan, oňa jemi 23 müň 171 manatlyk zähmet haklaryny esassyz töläp, döwletiň pul serişdelerini bikanun harçlapdyr. Mundan başga-da G.Babaýew wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, tabynlygynda bolup, bazaryň gözegçisi wezipesinde işlän Halmuhammet Aşyrow bilen deslapdan jenaýatçylykly dilleşip, ýolbaşçylyk edýän bazaryna ilata paýlamak üçin goýberilen, jemi 28 müň 718 kilogram towuk buduny, 4 müň 500 litr Ahal pagta ýagyny, 1 müň 928 litr guýma pagta ýagyny ilata satman, ony dürli möçberlerde ýokarlandyrylan bahadan lomaý ýerläp, söwda düzgünlerini bozup, netijede emele gelen 352 müň 838 manatlyk aýratyn uly möçberdäki baha aratapawudyny para hökmünde alyp gelipdir.

Şeýlelikde, Ahal welaýat alyjylar jemgyýetiniň birleşiginiň başlygy wezipesinde işlän R.Durdynazarow özüniň wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, aýratyn uly möçberde para almak, korrupsiýa, gulluk galplygy, ynanylan emlägiň eýelenmegi ýa-da harç edilmegi we bikanun ýol bilen edinilen pul serişdelerini we başga emlägi kanunlaşdyrma ýaly jenaýatlara baş goşupdyr. Eden bikanun hereketleri zerarly ol jenaýat jogapkärçiligine çekilip, kazyýetiň hökümi bilen 20 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň başlygy wezipesinde işlän R.Bäşimow wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatly peýdalanyp, aýratyn uly möçberde para almak, para bermek, gulluk galplygy, sarp edijileri aldamak ýaly agyr netijelere getirýän jenaýatlary edipdir we söwda düzgünleriniň bozulmagyna ýol beripdir. Jenaýat jogapkärçiligine çekilen R.Bäşimow kazyýetiň hökümi bilen 20 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Şeýle hem Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň Büzmeýin hojalyk hasaplaşygyndaky bazarynyň direktory wezipesinde işlän G.Babaýew wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, aýratyn uly möçberde para almak, gulluk galplygy, ynanylan emlägiň aýratyn uly möçberde ogurlanmagy, sarp edijileri aldamak ýaly agyr netijelere getirýän jenaýata baş goşupdyr. Şeýle jenaýatlary edip, söwda düzgünleriniň bozulmagyna ýol beren G.Babaýew kazyýetiň hökümi bilen 20 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Mundan başga-da, agyr jenaýat edenlere şärik bolan Ahal welaýat alyjylar jemgyýetiniň birleşiginiň Söwda bölüminiň başlygy wezipesinde işlän Ç.Atdaýew ýurdumyzyň Jenaýat kodeksiniň degişli maddalary bilen jenaýat jogapkärçiligine çekildi we kazyýetiň hökümi bilen 8 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Büzmeýin hojalyk hasaplaşygyndaky bazaryň gözegçisi wezipesinde işlän H.Aşyrow eden etmişleri zerarly jenaýat jogapkärçiligine çekildi we kazyýetiň hökümi bilen 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Şeýler işlere baş goşan adamlara şärik bolan Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň ammar müdiri wezipesinde işlän M.Abdullaýew gulluk galplygy, para almak, para bermek ýaly jenaýatlary edip, jenaýat jogapkärçiligine çekildi we ol kazyýetiň hökümi bilen 20 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Şeýle hem Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň işçisi wezipesinde işlän M.Goşunow, jemgyýetiň 1-nji dükanynyň satyjysy wezipesinde işlän B.Zahyrow, 3-nji dükanyň müdiri wezipesinde işlän Y.Meredow, şol jemgyýete degişli 4-nji dükanyň müdiri wezipesinde işlän Ý.Seýdalyýew, Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň ekspeditory wezipesinde işlän Y.Zahyrow, mundan başga-da, raýatlar A.Sähetmyradow, B.Ataýew, R.Çopanow dagynyň eden etmişleri nazarda tutulyp, kazyýetiň hökümi bilen olaryň her biri 8 ýyl azatlykdan mahrum edildiler.

Soňra hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, korrupsiýa, parahorluga garşy göreşmek boýunça döwlet syýasatynyň alnyp barylýandygyny belledi. Döwletiň we halkyň emlägini ogurlan, bu doýmaz-dolmaz, parahor jenaýatkärler, diňe özleri masgara bolman, eýsem, olar öz maşgalalarynyň, dogan-garyndaşlarynyň hem ýüzlerini ýere salýarlar, şeýdip, olary il içinde biabraý edýärler. Elbetde, bular ýaly korrupsiýa baş goşan, parahor adamlar öz eden etmişleri üçin hökman kanunyň öňünde jogap bererler diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow jenaýatkärleriň haram ýol bilen gazanan emläkleriniň we pullarynyň döwletiň haýryna geçiriljekdigini hem-de bularyň ýurtda durmuş maksatly binalary we desgalary gurmak üçin ulanyljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine döwletiň haýryna geçirilen şol emläkleriň we pullaryň niýetlenen maksatlar üçin ulanylyşyna degişli harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan gözegçilik edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň