Soňky habarlar

Arhiw

Ýaýdan nyşana ok atmak boýunça Aşgabat şäheriniň çempionaty geçirildi

07:4029.04.2022
0
7925

Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy bilen Aşgabat şäher sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda ýaýdan nyşana ok atmak boýunça Aşgabat şäheriniň çempionaty geçirildi. Çempionat Aşgabatdaky Gyşky sport toplumynda geçirildi.

Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň habar bermegine görä, çempionata dürli ýaşdaky türgenleriň 76-sy gatnaşyp, olar ýekelikde we toparlaýyn, şeýle-de garyşyk görnüşde ýaýdan nyşana ok atmak boýunça bäsleşip, öz başarnyklaryny görkezdiler.

Çempionatda ýekeleýin görnüşde bäsleşip 21 ýaşdan uly türgenleriň arasynda geçirilen ýaryşda Agajan Gullaşow erkekleriň, Ogulsuraý Kakyşowa bolsa birinji orunlary eýelediler.

18-20 ýaşly türgenleriň arasynda Gurban Gurbanow ýeňiş gazandy. 16-17 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen ýaryşda bolsa Orazjemal Meredowa öňdeligi eýelemegi başardy.Ezizmyrat Sähedow 14-15 ýaşly türgenleriň arasynda birinji orny eýeledi. 13 ýaşdan uly bolmadyk iň ýaş türgenleriň arasynda bolsa Enaýy Reýimowa gyzlaryň arasynda, Alymuhammet Dosow bolsa oglanlaryň arasynda öňe saýlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň