Gonkong 1-nji maýdan başlap daşary ýurtly syýahatçylar üçin açylar

18:5423.04.2022
0
5620
Gonkong 1-nji maýdan başlap daşary ýurtly syýahatçylar üçin açylar
Surat: Ryan Mac/Unsplash

Gonkongyň Hökümeti 1-nji maýdan başlap, COVID-19 sanjymyny alan daşary ýurtly syýahatçylara ýurduň çägine girmäge rugsat berer. Bu barada daily.afusha.ru saýtynda habar berlişi ýaly, dolandyryş etrabynyň çägine girýän syýahatçylar PCR testinden başga-da, antigen-testini tabşyryp, myhmanhanalarda bir hepdelik karantin çärelerini geçmelidirler. Syýahatçylaryň 3-sinden wirus ýokanjynyň alamatlary çykan ýagdaýynda, olaryň gelen awiakompaniýasy Gonkongyň çägine 5 günläp girizilmez.

2020-nji ýylyň 25-nji martyndan Gonkong koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, öz raýatlaryndan başga adamlara etrabyň çägine girmegi gadagan edipdi. Mundan soň çäklendirmeler ilkinji gezek 2022-nji ýylyň aprelinde açylyp, 9 ýurduň raýatlary üçin Gonkonga girmäge mümkinçilik döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň