Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly mugallym halkara aýdym-saz bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy

17:3323.04.2022
0
13102
Türkmenistanly mugallym halkara aýdym-saz bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy
Surat: turkmenistan.gov.tm

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy Kerim Jumagulyýew Alemdar Karamanow adyndaky V Halkara bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Bäsleşik Russiýa Federasiýasynyň Kaliningrad oblastynyň Gurýewsk şäherinde wideoýazgy görnüşinde geçirildi.

Kerim Jumagulyýew «Kompozisiýa» ugrundan çykyş edip, eminler toparyna kirişli saz gurallary orkestri üçin «Pizzicato», organ üçin «Tokkata», kirişli saz gurallary kwarteti üçin «Exclamation» («Ýüzlenme»), simfoniki orkestr üçin «Wals-feýerwerk», saksofon, alt we türkmen halk saz gurallary üçin «Gözleriň», skripka, klarnet, nagara we kamera orkestiri üçin «Bagtyýarlyk tansy» eserlerini, solist, garyşyk hor we estrada- simfoniki orkestri üçin «Gözel Aşgabat» aýdymyny hödürledi.

Eminler zehinli türkmen kompozitoryny II baýrak we «Kompozitorçylyk döredijiliginde milli ýörelgeleri beýan edenligi üçin» Ýörite baýrak bilen sylaglap, onuň zehinine mynasyp baha berdiler.

Kerim Jumagulyýew meşhur türkmen kompozitory Baýramdurdy Hudaýnazarowyň şägirdi. Çeşmäniň habar bermegine görä, bu bäsleşikde toplan tejribesi ýaş kompozitora täze hünär belentliklerine ýetmäge we türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň abraýyny alys illerde ýene belende götermäge mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň