Russiýa towuk ýumurtgasyny iň köp ulanýan ýurtlaryň sanawyna girdi diýip, RIANowosti habar berýär. Ýagny her ýyl bu ýurtda ilatyň jan başyna 17 kilogram ýumurtga düşýär.
Habara görä, sanawdaky birinji orunda Gonkong durýar, bu ýurtda ilatyň jan başyna 27 kilogram, soň Hytaý— 21 kg, Ýaponiýa, Meksika we Niderlandlar— 20 kg., Malaýziýa we Lýuksemburg— 18 kg durýar.
Her bir russiýaly ýylda ortaça 308 ýumurtga iýýär diýip, hünärmenler hasaplapdyrlar, şeýle-de 2021-nji ýylda ýurtda 44,9 milliard ýumurtga öndürilendigi bellenýär.
Berhiz lukmanlary towuk ýumurtgasynyň düzüminde beloklaryň, şeýle-de kalsiniň, fosforyň, lesitiniň hem-de kalsiferolyň köpdügini, hepdede adam başyna iýmeli ýumurtganyň sany 5-6 sany diýip, olar aýdýarlar.