Bagdat şäherini çäge syraýan güýçli harasat basdy, Yragyň paýtagtynyň onlarça ýaşaýjysy hassahanalara ýerleşdirildi diýip, MIR24 habar berýär.
Bir ädim öňüňi görer ýaly bolmady, köçä çykmaga milt edenlerem örtük geýdiler. Ähli howa gatnawlary togtadyldy, lukmanlara, esasan, demgysmadan ejir çekýän gartaň adamlar ýüz tutýarlar.
“Çägeli harasat köpleriň dem almasyny kynlaşdyrdy, adamlar hassahanamyza düşdüler. Olara kislorod örtüklerini, sanjym etmeli bolduk. Hudaýa şükür, bizde ähli zerur däri-derman bar” diýip, Şeýh Zaýed Ybragim Basama adyndaky hassahananyň lukmany habarçylara gürrüň berdi.
Çägeli harasatlar Bagdatda adaty ýagdaý. Şäher çölden Tigr we Ýewfrat derýalarynyň arasyndaky çaklanja ekin meýdanlary bilen goranýar.