Soňky habarlar

Arhiw

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde "Açyk gapylar" güni geçiriler

15:4921.04.2022
0
9020

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (HYYÖU) ýokary bilim almak isleýän ýaş ýigitleri we gyzlary 6-njy maýda 15:00-da geçiriljek "Açyk gapylar" gününe çagyrýar.

Dabara gatnaşyjylar HYYÖU-niň hünärmenleri taýýarlamak boýunça okuw maksatnamalary, okuw işiniň guramaçylygy, maddy-üpjünçilik binýady we bu ýokary okuw mekdebinde bilim almagyň artykmaçlyklary bilen tanyşdyrylar.

Şeýle hem uniwersitetiň ýolbaşçy düzümi we mugallymlary bilen duşuşyklar geçiriler, açyk sapaklar, gezelençler, sergiler, zehin bäsleşikleri we başga-da birnäçe çäreler gurnalar.

Myhmanlara ýokary okuw mekdebiniň ýokary bilim ulgamynda gazanan üstünlikleri barada maglumat berler, okuw otaglary, lingafon otaglary we kompýuter laboratoriýalary bilen tanyşdyrylar.

Geljekki dalaşgärler sport, ylmy we medeni gurnaklara gatnaşmak hem-de talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýlary bilen tanyşmak arkaly talyplyk durmuşyna içgin aralaşmaga mümkinçilik alarlar.

HYYÖU-niň gündelik durmuşy bilen tanyşmak isleýän ähli dalaşgärler we myhmanlar şu salgyda uly hormat bilen garşy alnar: Aşgabat şäheriniň (Andalyp) 1958 köçesiniň 169-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-85-42, 39-85-13, 39-85-40, 39-85-43, 39-85-28, 39-85-29.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň