Aşgabatdaky «Janly tebigatyň milli muzeýi» hepdäniň duşenbe güninden başga (1-nji gün) beýleki her gün 9:00-dan 18:00-a çenli bu ýere gezelenje geljek myhmanlar üçin gapylaryny giňden açdy.
«Janly tebigatyň milli muzeýine» girmek üçin petekleri bu ýerdäki kassalardan alyp bolýar. Petekleriň bahasy 3 manat.
Bu ýerde ýerleşýän muzeýe gezelenç etmek üçin hem giriş tölegi 3 manat.
Aşgabatdaky «Janly tebigatyň milli muzeýinde» dürli görnüşdäki haýwanlaryň, şol sanda guşlaryň, süýrenijileriň we beýlekileriň 250-den gowrak görnüşi bar. Türkmenistanyň haýwanat dünýäsindäki janly-jandarlar bu ýere gelýän myhmanlara görkezilýär.