«Modern design» studiýasy öýleri bezemekde döwrebap hyzmatlary ýerine ýetirýär

09:4821.04.2022
0
18298

«Modern design» dizaýn we binagärlik studiýasy jaýyň içki hem-de daşky dizaýny, şeýle hem öýleriň abatlaşdyrylmagy bilen bagly işleri doly taýýar etmek hyzmatlaryny müşderilere ýetirýär.

«Modern design» otaglaryň içki bezeginden başlap jaýyň daşky görnüşini bezemek ýaly has çylşyrymly dizaýn taslamalaryny işläp taýýarlaýar.

Dizaýn çözgüdini işläp düzmekde studiýanyň hünärmenleri, esasan, bezegiň stil taýdan çözgüdini we ýerleşiş aýratynlygyny saýlamakda hem-de ulanylýan materiallar babatda müşderiniň isleglerine esaslanýarlar. Her bir geljekki dizaýn ideýasyny durmuşa geçirmegiň ähli basgançaklary taslamanyň awtorlary tarapyndan ünsli gözegçilik edilýär.

«Modern design» tarapyndan hasyl edilýän taslamalary tanyşdyrmakda geljekki otagyň daş keşbine jikme-jik baha bermäge, onuň tertibine düşünmäge, ýagtylyk çeşmeleriniň we reňk shemalarynyň, bir ýa-da başga bir düzülişiň amatlylygy we ş.m aýratynlyklary bahalandyrmaga mümkinçilik berýän VR dizaýny (otaga wirtual aýlanyp görmäge mümkinçilik berýän wirtual hakykat effekti) we 3D animasiýa ýaly häzirki zaman usullaryndan peýdalanylýar.

«Modern design» studiýasynyň taslamalary bilen onuň sosial media platformasyndaky modern_design_tm salgyly hasaby arkaly ýa-da şu salga baryp tanşyp bilersiňiz: Aşgabat ş., Sona Myradowa köçesi («Aýly güzer» toý mekanynyň golaýynda). Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 63 181198.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň