Ruslan Mingazowyň doly çykyş eden duşuşygynda «Kitçi» «Wissel Kobeden» asgyn geldi

10:3920.04.2022
0
980

Türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazow «Kitçiniň» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ikinji duşuşygyna hem boýdan-başa gatnaşdy. Ol esasy düzümde meýdana girdi we duşuşyk tamamlanýança, başga futbolçy bilen çalşyrylmady.

«Kitçi» yklym ýaryşynyň 2-nji tapgyrynda Ýaponiýanyň «Wissel Kobe» topary bilen duşuşdy. Duşuşyk ýapon toparynyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. «Wissel Kobeniň» gollaryny 15-nji minutda Ýuta Goke, 85-nji minutda Sion Inoe geçirdi. «Kitçi» bu gollara Aleks Taýo Akandeniň 91-nji minutda geçiren goly bilen jogap berdi.

Şeýlelikde, ilkinji iki duşuşygynyň birinde ýeňiş gazanyp, birinde ýeňlen «Kitçi» 3 utuk bilen «J» toparçada ikinji orny eýeleýär.

«Kitçi» yklym ýaryşynda indiki duşuşygyny 28-nji aprelde «Çiangraý Ýunaýted» bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň