Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäheriniň häkimine ilata edilýän söwda hyzmatlarynyň medeniýetini ýokarlandyrmak tabşyryldy

23:4018.04.2022
0
34304

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow hasabat bilen çykyş edip, şu günler ýurduň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, arassaçylyk hem-de abadanlaşdyryş işleriniň barşy, jemagat hojalygy gulluklarynyň ýerine ýetirýän işleri, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işleriň ähli babatda nusgalyk derejä eýe bolmalydygyny belläp, şäheriň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny paýtagtda gök zolaklary döretmek, jemagat hojalygy gullugynyň işini degişli derejede ýola goýmak wezipeleriniň ýokary derejede amala aşyrylmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, häkime paýtagtyň etraplarynyň häkimleriniň şäheri döwrebap ösdürmek bilen bagly meseleleri hemişe berk gözegçilikde saklamalydyklary, ýollary döwrebaplaşdyrmak meselesiniň örän wajypdygy bilen bagly meseleler boýunça degişli görkezmeler berildi.

Şeýle-de döwlet Baştutany söwda dükanlarynda işleriň alnyp barlyşyna-da ünsi çekip, bu babatda ilata hyzmat edilişiniň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak barada häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň