Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

23:3318.04.2022
0
8670
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, maslahatyň dowamynda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow hasabat bilen çykyş edip, şu günler ýurduň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, arassaçylyk hem-de abadanlaşdyryş işleriniň barşy, jemagat hojalygy gulluklarynyň ýerine ýetirýän işleri, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işleriň ähli babatda nusgalyk derejä eýe bolmalydygyny belläp, şäheriň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny paýtagtda gök zolaklary döretmek, jemagat hojalygy gullugynyň işini degişli derejede ýola goýmak wezipeleriniň ýokary derejede amala aşyrylmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, häkime paýtagtyň etraplarynyň häkimleriniň şäheri döwrebap ösdürmek bilen bagly meseleleri hemişe berk gözegçilikde saklamalydyklary, ýollary döwrebaplaşdyrmak meselesiniň örän wajypdygy bilen bagly meseleler boýunça degişli görkezmeler berildi.

Şeýle-de döwlet Baştutany söwda dükanlarynda işleriň alnyp barlyşyna-da ünsi çekip, bu babatda ilata hyzmat edilişiniň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak barada häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezident sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda oba hojalyk toplumynda şu günler dowam edýän möwsümleýin işler baradaky meselä geçip, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi.

Ýurduň welaýatlarynyň häkimleri ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, gowaça ekişini ýokary hilli hem-de bellenen möhletlerde tamamlamak, ýeralmanyň, soganyň we gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdiler. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde kabul edilen Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatlarda medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyklarynyň talabalaýyk derejede alnyp barylýandygy barada habar berildi.

Öňde boljak şanly seneler, aýratyn-da, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlaryy diňläp, gowaçanyň tohumçylyk işini talabalaýyk alyp barmak we onuň bol hasyl berýän görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek, pagta öndürijileriň ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilişini berk gözegçilikde saklamak meselelerine ünsi çekdi. Döwlet Baştutany ak ekinlerde duş gelýän kesellere, şeýle hem ekerançylyk meýdanlarynda haşal otlara, zyýankeşlere garşy göreş işleriniň häzirki zamanyň agrotehniki talaplaryna laýyk derejede ýola goýulmalydygyny, şunda biokärhanalaryň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmalydygyny belledi.

Hormatly Prezident ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly seneleriň, hususan-da, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi boýunça häkimlere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde bugdaýyň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ekin meýdanlarynda maýsalary goşmaça iýmitlendirmek, olara ösüş suwuny tutmak, keselleriň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça işler utgaşykly dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer şu günler Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleriniň alnyp barylýandygyny, Balkan welaýatynda ýüpek gurçuklarynyň ýokary hilli tohumlarynyň taýýarlanyp, paýlanýandygy barada aýtdy. Sebitiň howa şertleri nazara alnyp, Daşoguz welaýatynda ýüpek gurçugynyň ideg işlerine 26-njy aprelde girişiler.

Hormatly Prezident hasabaty diňläp, ýurduň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, ideg işleriniň dowamynda ekinlere zyýan berijilere we haşal otlara garşy göreş çäreleriniň talabalaýyk guralmalydygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde ýurduň biokärhanalarynyň mümkinçilikleri netijeli peýdalanylmalydyr.

Döwlet Baştutany ýurduň ähli welaýatlarynyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilýän ýeralmadan, sogandan we beýleki gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl almak ugrunda zerur tagallalaryň ýola goýulmalydygyna, şeýle-de her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen ähli baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň