Soňky habarlar

Arhiw

«Kitçi» AFK-nyň Çempionlar ligasynda «Çiangraý Ýunaýtedi» Ruslan Mingazowyň goly bilen ýeňdi

19:0716.04.2022
0
5083

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysynyň goly toparyna AFK-nyň Çempionlar ligasynda ýeňiş getirdi.

Gonkongyň “Kitçi” topary AFK Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň birinji tapgyrynda Taýlandyň “Çiangraý Ýunaýted” toparyndan üstün çykmagy başardy. Taýlandyň Buriram şäherinde geçirilen duşuşykda “Kitçi” topary garşydaşyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Gonkongyň toparyna ýeňiş getiren ýeke-täk goly oýnuň 17-nji minudynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow öz adyna ýazdyrmagy başardy.

Ýeri gelende bellesek, R.Mingazow özüniň täze toparynda ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi. 30 ýaşly ýarymgoragçynyň “Kitçi” toparynyň düzümine şu ýylyň martynda goşulandygyny ýatladýarys. Gazanan bu ýeňşinden soň 3 utuk toplan “Kitçi”, toparçalaýyn bäsleşigiň “J” toparçasynda birinji orny eýeleýär.

“Kitçiniň” nobatdaky garşydaşy Ýaponiýanyň “Wissel Kobe” topary bolar. Bu toparlaryň arasyndaky duşuşyk 19-njy aprelde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň