Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Fulad» ― «Ahal» duşuşygy Eýranyň IRIB Varzesh teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda görkeziler

01:0014.04.2022
0
5349

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň çägindäki «Fulad» ― «Ahal» duşuşygyny Eýranyň IRIB Varzesh teleýaýlymy göni ýaýlymda alyp görkezmegi meýilleşdirýär.

3-nji tapgyryň çägindäki bu duşuşyk şu gün Aşgabat wagty bilen 22:15-de başlanar. Duşuşyk Jidda şäherindäki «Patyşa Abdalla Sports Siti» stadionynda geçiriler.

«Fulad» ― «Ahal» duşuşygyny göni ýaýlymda görkezjek ýaýlymlaryň doly sanawy bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.

«C» toparçada Kataryň «Al-Garafa» toparynyň 4 utuk bilen birinji orunda barýandygyny ýatladýarys. «Fulad» bilen «Şabab Al-Ahlide» 2, «Ahalda» 1 utuk bar.

Ýaryşyň 1/8 finalyna Günbatar we Gündogar sebitleriň hersinden 10 toparçanyň ýeňijisiniň we ikinji orny eýelänleriň iň gowy üçüsiniň çykjakdygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň