Top.Mail.Ru

Arhiw

Miwe we gök önümler TSTB-niň gazananlarynyň sergisinde görkezilýär

11:3613.04.2022
0
6468

Oba hojalyk önümlerini öndürijiler gök we bakja önümleriniň, miweleriň, şol sanda Türkmenistanda ozal öndürilmeýän önümleriň önümçiligini artdyrýarlar. «Ter» hojalyk jemgyýeti, «Erkin gurluşyk», «Miweli ülke» hususy kärhanalaryň we beýlekileriň sergide görkezilýän ekologik taýdan arassa we ýokary hilli önümleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Telekeçileriň käbiri gözden geçirilişe gatnaşyjylary ýyladyşhanalary enjamlaşdyrmakda ulanylýan döwrebap tehnologiýalar hem-de ekologiýa ulgamynda amala aşyrylýan işler bilen tanyşdyrýarlar.

«Miweli ülke» hususy kärhanasy daşary ýurtlardan miwe we gök önümler bilen üpjün edýän, şeýle hem tropiki miweleri Türkmenistana gaýtadan eksport edýän esasy eksportçylaryň biridir. Mary welaýatynyň çäginde 50 gektardan gowrak meýdanda gurlan ýyladyşhanalaryň kömegi bilen «Miweli ülke» hususy kärhanasy gök we bakja önümleri bilen içerki bazarlary üpjün edip durýar. Mundan başga-da bu hususy kärhanada ýerli howa şertlerine doly uýgunlaşdyrylyp banan we apelsin ýetişdirilip başlandy.

«Ter» hojalyk jemgyýeti ýyladyşhanalarda gök we bakja önümlerini ýetişdirmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurduň sebitlerinde iş alyp barýan kärendeçileri we bagbanlary şetdaly, alça, armyt agaçlaryny, gök önüm nahallary bilen üpjün edýär.

Telekeçi Toýly Çaryýewiň ýolbaşçylyk edýän «Erkin gurluşyk» hususy kärhanasy hem diňe bir gurluşyk bilen çäklenmän, alma, üzüm we beýleki miweleri ösdürip ýetişdirmek bilen hem meşgullanýar.

Bu sergä gatnaşýanlar bagdan guradylan miweleriň, hozlaryň we süýjüleriň köp görnüşi bilen hem tanyşdylar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň