Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze saýlanan Premýer-ministrini gutlady

21:2912.04.2022
0
5448
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze saýlanan Premýer-ministrini gutlady
surat: thepakistandaily.com

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Mian Muhammad Şahbaz Şarife Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli Gutlag hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda ýyllaryň dowamynda emele gelen köpugurly gatnaşyklaryň ýakynlygy bilen tapawutlanýandygyny nygtap, dost-doganlygyň we özara hormat goýmagyň baý tejribesine esaslanýan bu gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde berlişi ýaly, hormatly Prezident Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministrine berk jan saglyk we Pakistanyň doganlyk halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

«Türkmenportalyň» ozal habar berşi ýaly, «Pakistanyň musulman ligasy» partiýasynyň lideri Şahbaz Şarif Milli assambleýada (Mejlisiň aşaky palatasy) geçen ses berlişikde deputatlaryň 342-sinden 174-siniň sesini alyp, ýurduň 23-nji Hökümet başlygy boldy.

70 ýaşly Şahbaz Şarif öň Pakistanyň Hökümetine üç gezek ýolbaşçylyk eden Nawaz Şarifiň kiçi doganydyr. Syýasatçy bu wezipä ýurtdaky oppozision partiýalar tarapyndan hödürlendi.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň