Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmen suratkeşleri «Turan» halkara sungat baýragyna mynasyp boldular

12:1808.04.2022
0
1271

Altyn Ordanyň — Beýik Ulusyň esaslandyrylmagynyň 750 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylda Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde Turan-gazak suratkeşler Konsolidasiýasynyň halkara baýragyny almak ugrunda geçirilen bäsleşik sergisinde türkmen suratkeşleri Azat Myradow we Döwletgeldi Akyýew tapawutlanyp, «Turan» halkara sungat baýragyna mynasyp bolmagy başardylar. Bu barada «Edebiýat we sungat» gazetinde habar berilýär.

Bu sergi bäsleşigine Merkezi Aziýa ýurtlaryndan jemi 100-e golaý suratkeş öz döreden sungat eserleri bilen gatnaşdylar. Bäsleşigiň emin agzalary: «Döwletgledi Akyýewiň eserleri durmuşyň iň derwaýys meselelerine esaslanýar, grafika eserleri döredijiligiň çuňňur mazmunyny hem-de pikirlerini açyp görkezmekde keşbiň we stiliň bitewüligi, milli äheňleri bilen tapawutlanýar» diýip, öz pikirlerini beýan edýärler. Azat Myradowyň bolsa içki erkinligi, ruhy özbaşdaklygy sazlaşdyrmagy başarýan, täzeçil pikirleri bilen özüne çekýän eserleri dünýägaraýşy we tematikasy boýunça özboluşlylygy bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň