«Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetine täze başlyk bellenildi

15:4907.04.2022
0
9627

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, Gadyrgeldi Müşşikowiç Müşşikowy «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda bu bankyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2022-nji ýylyň 6-njy aprelinde çykaran 2-nji karary tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, Täçmuhammet Ýazmuhammedowiç Täçmuhammedowy, başga işe geçmegi sebäpli, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda bu bankyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2022-nji ýylyň 6-njy aprelinde çykaran 1-nji karary tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň