Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň wezipe-guramaçylyk meselelerine, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek meselelerine garaldy.
Şeýlelikde, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda,
B.Gündogdyýew goranmak ministri;
B.Atdaýew Baş prokuror;
M.Hydyrow içeri işler ministri;
G.Ussanepesow Ýokary kazyýetiň başlygy;
G.Annaýew milli howpsuzlyk ministri;
Ý.Nuryýew Döwlet serhet gullugynyň başlygy;
M.Taganow adalat ministri;
M.Hudaýkulyýew Döwlet gümrük gullugynyň başlygy;
N.Atagaraýew Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipelerine bellenildi.
Şeýle-de, okaň!