Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wezipe-guramaçylyk meselelerine garaldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Öwezdurdy Hojanyýazowy Türkmenistanyň içeri işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatdy.
Mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti Ö.Hojanyýazowa ýüzlenip, onuň ministrlige ýolbaşçylyk eden döwründe birnäçe kemçiliklere ýol berendigini, jemgyýetçilik tertip-düzgünini, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek işlerine, şeýle hem polisiýanyň ýerli wekilleriniň işlerine talabalaýyk gözegçilik etmändigini, netijede bolsa, ilatyň arasynda jemgyýetçilik tertip-düzgüniň gowşamagyna ýol berlendigini, köçelerde sürüjiler tarapyndan ýol hereketiniň kadalarynyň bozulýandygyny, içeri işler edaralarynyň işgärleriniň tertip-düzgüni talap etmegiň ýerine, özleriniň ters görelde bolýan ýerleriniň hem duş gelýändigini, mundan başga-da, ministrlige sanly ulgamy ornaşdyrmak işleriniň haýal alnyp barylýandygyny, häzirki zaman tehnologiýalarydyr sanly ulgamyň giň mümkinçilikleriniň bardygyna garamazdan, ministrligiň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde olardan netijeli peýdalanylmaýandygyny, işlän döwründe wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç hem yglan edilendigini, birnäçe gezek duýduryşlaryň berlendigini aýtdy. Şolar bilen baglylykda, Ö.Hojanyýazow wezipesinden boşadyldy.
Ö.Hojanyýazow bu wezipä 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda bellenipdi.
Bu wezipä Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň razylygy bilen, polisiýanyň podpolkownigi Muhammet Hydyrow bellenilip, ol Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesinden boşadyldy.