Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň daýhan hojalyklary garpyzyň täze gibrid sortlaryny ýetişdirip bilerler

10:3704.04.2022
0
13862

Türkmenistanyň daýhan hojalyklary ösdürip ýetişdirýän garpyzlarynyň dürli görnüşli sortlaryny giňeltmäge mümkinçilik aldylar.

«HM.Clause» (ABŞ), «Hazera» (Ysraýyl) we «Bakker Brothers» (Niderlandlar) ýaly oba hojalyk önümçilik kärhanalarynyň resmi paýlaýjysy Türkmenistanyň gurak hem-de yssy howa şertlerine uýgunlaşmaga ukypy garpyz gibridlerini hödürleýär. Bu dünýäniň öňdebaryjy tohum öndürijileriniň tohumçylykdaky täze gazananlary bolup, ol gysga wagtyň içinde miwelerden ýokary hasyl almaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda «Krimson Swit» sorty, şeýle hem «Zodiak F1», «Ataman F1» ýaly gibridleri ýetişdirmek mümkinçiligi ýola goýuldy.

«Krimson Swit» sortynyň ösüş möwsümi 85 gündür. Onuň bir miwesiniň agramy, takmynan 10-12 kg bolýar. Bu ösümlik açyk ýerde ösdürilip ýetişdirilýär we Günüň göni şöhlesine hem çydamlydyr. Miwesi uzak wagtlap durmaga ukyply.

«Zodiak F1» ösümlik möwsüminde ýetişdirmek üçin niýetlenen uly hem uzyn göwrümli miwe berýän gibriddir. Ony ähli görnüşli toprakda ýetişdirip bolýar. Adatça, onuň miwesi takmynan 11-14 kg bolup, kähalatda 16 kg-e çenli hem bolup bilýär.

«Ataman F1» garpyzynyň täze gibridi ir ýetişýän garpyz sortlaryna degişli: miweleri gögeren mahalyndan eýýäm 55-65 gün aralygynda bişýär. Bu garpyz damjalaýyn suwaryşda ösdürilip ýetişdirilende her gektardan 100 tonnadan gowrak hasyl alyp bolýar.

Bu gibridler barada has giňişleýin maglumatlary resmi paýlaýjynyň web sahypasyndaky tohumlaryň sanawyndan görüp bilersiňiz.

Belläp geçsek, bu sanawda gök-bakja ekinleriniň häzirki zaman tohumlary we gibridleri bilen hem tanşyp bilersiňiz. Mundan başga-da, howlularyňyzy abatlamak we ot bilen bezemek üçin paýlaýjyda «BARENBRUG» kompaniýasynyň guraklyga çydamly «Water saver» ot garyndysynyň bardygyny hem bellemek bolar.

Habarlaşmak üçin:

  • Telefon belgileri: +99365 80 65 95; +99312 47 38 67;
  • IMO hasaby: +99365 03 92 21;
  • Sosial ulgamlardaky hasaplary;
  • Salgysy: Aşgabat ş., Andalyp köçesi, 70-nji jaý, 503-nji iş nokady.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň