Arhiw

«Onlaýn taksi» ykjam goşundysynda barmaly ýeriň bahasyny öňünden hasaplamak mümkinçiligi döredildi

14:0802.04.2022
0
42176

Müşderiler Aşgabatdaky «Onlaýn taksi» hyzmatynyň ykjam goşundysynda taksi sargyt etmezden ozal, barmaly ýeriniň başlangyç bahasy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

– «Onlaýn taksi» hyzmatyny has ýönekeý we müşderiler üçin amatly etmäge çalyşýarys. Hyzmatda döredilen täze aýratynlyk müşderileriň barmaly ýeriniň bahasyny öňünden bilmäge mümkinçilik bermek bilen, ähli çykdajylary doly gözegçilikde saklaýar – diýip, programmany döredijiler gürrüň berýär.

Şeýlelikde, müşderiler «Onlaýn taksi» ykjam goşundysy arkaly hyzmatlaryň hiline baha berip, nyrh maglumatyny barlap, barmaly ýeriniň bolsa, deslapky bahasyny hasaplap bilerler.

Goşundyny iOS we Android ulgamlary arkaly işleýän ykjam enjamlara göçürip alyp bolýar. Şeýle-de, gysga – 0655 belgisine jaň etmek arkaly-da, taksi sargyt etmek mümkinçiligi döredildi.

Müşderiler öňünden meýilleşdirip, bahasyny hasaplan ýerine barman, ulagyň ugruny üýtgeden ýagdaýynda, hyzmatyň tertibi boýunça geçilen aralyk hasaplanylar we şoňa laýyklykda, töleg kabul ediler.

Häzirki wagtda Aşgabat şäheri boýunça hereketde bolan Standart, Standart 2 we Okuwçy nyrhnamalarynyň iň pes bahasy (20 manat) üýtgemedi.

Standart

6:00-dan 14:00-a çenli taksini çagyrmagyň bahasy – 7 manat. Barmaly ýeriň her kilometri üçin 1 manat 20 teňňe hasaplanýar. Awtoulag sargyt edilen nokadyna barandan soň ilkinji iki minutda hiç hili garaşma tölegi alynmaýar. Şondan soňra her minuda 70 teňňeden hasaplanaýar.

Standart 2

14:00-dan 06:00-a çenli awtoulag sargyt etmegiň bahasy – 9 manat. Her kilometr üçin hyzmatyň bahasy – 1 manat 44 teňňe. Garaşmak üçin üçünji minutdan soň her minut üçin 90 teňňe töleg alnar.

Okuwçy

Taksi sargyt etmegiň bahasy – 7 manat. Sargydyň 1 km üçin bahasy – 2 manat. Garaşmagyň ilkinji iki minudy mugt. Ondan soňky her minut üçin töleg 90 teňňeden hasaplanar.

«Onlaýn taksi» hyzmatynda ýolagçylar üçin ähli amatly mümkinçiliker döredilen. Müşderi barmaly ýerine baranyndan soň hem sürüji bilen nagt, hem-de nagt däl görnüşinde hasaplaşyp biler.

Şeýle-de, okaň!
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň