Arhiw

Futbol boýunça Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň bijeleri çekildi

10:2702.04.2022
0
18876

Şu gün — 1-nji aprelde Katarda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry üçin bijeleri çekildi. Çempionatda 32 ýygyndy 8 toparçada çykyş eder. Her toparçada 4 milli ýygyndy bar.

A toparça: Katar (ýer eýesi), Ekwador, Senegal, Niderlandlar

B toparça: Angliýa, Eýran, ABŞ, Uels — Şotlandiýa/Ukraina

C toparça: Argentina, Saud Arabystany, Meksika, Polşa

D toparça: Fransiýa, Peru — Awstraliýa/BAE, Daniýa, Tunis

E toparça: Ispaniýa, Kosta-Rika — Täze Zelandiýa, Germaniýa, Ýaponiýa

F toparça: Belgiýa, Kanada, Marokko, Horwatiýa

G toparça: Braziliýa, Serbiýa, Şweýsariýa, Kamerun

H toparça: Portugaliýa, Gana, Urugwaý, Koreýa Respublikasy.

Ýeri gelende aýtsak, dünýä çempionatynyň tumary hem tanyşdyryldy. Tumaryň "Laib" ady arap dilinde "ýokary derejeli ussat oýunçy" diýmegi aňladýar.

FIFA-nyň web sahypasynda beýan edilişi ýaly, Laib "suratlandyryp bolmaýan tumarlaryň parallel äleminden" geldi. Şonuň üçin gyzyklanýanlar Laibiň nämä meňzeýändigini özbaşdak kesgitlemek üçin çagyrylýar.

Mundan başga-da, Laib "başdangeçirmä höwesli, şadyýan we bilesigeliji" hökmünde görkezilýär.

Dünýä çempionatynyň final tapgyry 21-nji noýabrdan 18-nji dekabr aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň