«Aşgabat» we «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezleri öz işini dikeltdi, TSTB-2022 sergisi 12-13-nji aprelde geçiriler, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysyna täze tälimçi bellenildi we beýleki täzelikler

10:4401.04.2022
0
17446

1. Türkmen paýtagtyndaky «Aşgabat» we Berkarar» söwda-dynç alyş merkezleri öz işini gaýtadan dikeltdi. Söwda dükanlaryna arassaçylyk-öňüni alyş çärelerini berk berjaý etmek şerti bilen barmaga rugsat berilýär.

2. Aşgabatda 12-13-nji aprelde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisi geçiriler. Sergide hususy toplumyň 200-den gowrak wekilleriniň önümleri hödürleniler.

3. Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysyna Said Seýidow tälimçilik eder. Bu wezipede ol Ýazguly Hojageldiýewi çalşyrdy. Milli ýygyndynyň ýakynda geçiriljek duşuşyklary şu ýylyň iýun aýynda geçiriler. Bu duşuşyklarda Aziýanyň Kubogy-2023 ýaryşynyň saýlama tapgyrlarynda Malaýziýa, Bangladeşa we Bahreýna garşy duşuşyklar geçiriler.

4. 2-nji aprelde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň ýygnagy geçiriler. Deputatlary bellige almaklyk 8:00-da başlanar.

5. Türkmenistanda Bütindünýä Saglyk güni we Ahalteke bedewiniň baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiler. Paýtagtymyzda we welaýatlarda köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri geçiriler.

6. Türkmenbaşyda ýaşaýyş şertleri ýokarylan 4 gatly bäş sany ýaşaýyş jaýy gurlar. Ulag we kommunikasiýa pudagynyň işgärleri üçin niýetlenen bu jaýlarda 300 sany maşgala ýaşar.

7. 3-8-nji aprelde Lýuksemburgda geçiriljek Dünýä çempionatynda çykyş etjek Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysynyň düzümi mälim edildi. Türkmen ýygyndysynyň düzüminde «Galkan», «Şir» we «Oguzhan» klublarynyň türgenleri çykyş eder. Milli ýygyndymyzy dünýä çempionatyna tälimçi Baýram Allaýarow taýýarlar.

8. Hindistanda COVID-19 pandemiýasy bilen bagly girizilen çäklendirmeleriň ählisi diýen ýaly ýatyryldy. Çäklendirmelerden diňe agyz-burun örtüklerini dakmak düzgüni güýçde galdy. Ýurduň ştatlaryna ýagdaýy gözegçilikde saklamak we koronawirus ýokanjynyň köpçülikleýin ýaýrap başlan ýagdaýynda işjeň hereketleri etmek tabşyryldy. 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri Hindistanda COVID-19 bilen kesellänleriň sany 43 million adamdan geçdi.

9. Türkmenistanyň hem wekilleriniň gatnaşjak FIFA-nyň kongresi rus dilini guramanyň resmi dilleriniň biri hökmünde tassyklady. Bu karara guramanyň 187 sany wekili «razy», 4 sany wekili «garşy» diýip ses berdi.

10. «Krepkiý Oreşek» filminiň baş gahrymany Brýus Uillis sözleýiş ukybyndaky bozulmalar sebäpli karýerasyny resmi taýdan tamamlady. 67 ýaşly aktýor saglyk ýagdaýy bilen bagly kynçylyk çekýär. Lukmançylyk barlaglary onda afaziýa keselçiligini ýüze çykardylar. Bu kesel kognitiw funksiýalara täsir edýär. Uillis 150-den gowrak filmde surata düşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň