“Irlandiýaly” atly meşhur filmde surata düşen aktýor aradan çykdy

15:3431.03.2022
0
1063
“Irlandiýaly” atly meşhur filmde surata düşen aktýor aradan çykdy
Surat: vaguevisages.com

Amerikaly aktýor, “Irlandiýaly”, “Soprano klany”, “Meşhur ýigitler” atly filmlerde surata düşen Pol Herman 76 ýaşynda aradan çykdy. Artistiň wekili bu habary tassyklady.

Bu barada Hollywood reporter habar berdi.

«Biz ýakyn dostumyz Pol Hermanymyzyň aradan çykandygyna çuňňur hasrat çekýäris. Ekranda-da, durmuşda-da ol hakyky gahrymandy» diýip, aktýoryň wekiliniň habarynda aýdylýar.

“Aktýoryň ölüminiň sebäbi habarda görkezilmändir” diýip, “Gazeta.ru” ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň