Ekwador dünýäde ýabany haýwanlaryň kanuny hukuklaryny ykrar eden ilkinji ýurt boldy diýip, Inside Climate News neşiri habar berýär diýip, MIR24 ýazýar.
Ýakynda Ekwadoryň Ýokary kazyýeti tüýlek maýmynyň kazyýet işi barada höküm çykardy. Bu haýwany bir aýlykka jeňňelden ýerli kitaphanaçy Ana Burbano-Proanonyň öýüne äkidipdiler. 18 ýyllap maýmyn onuň öýünde ýaşapdyr, soňra ony hukuk goraýjylar eýesiniň elinden alypdyrlar. Munuň sebäbi ýurtda ýabany haýwanlary saklamagy gadagan edýän kanunyň bolmagydyr. Maýmyny haýwanat bagyna ýerleşdiripdiler, ol ýerde jandar bir aýdan soň ölüpdir.
Burbano-Proano muny eşidip, kazyýete ýüz tutupdyr. Ol poliseýleriň maýmyny güýç bilen elinden alyp, onuň hukuklaryny bozandygyny ykrar edilmegini talap edipdir.
Kazyýet seljerişliginden soňra haýwanlaryň hukuk subýekti bolup durýandygy, şonuň üçin zorluk bilen haýwanat bagyna güýç bilen eltilen maýmynyň hukuklarynyň bozulandygy barada höküm çykarylypdyr. «Ýabany haýwanlar awlanmaga, tutulmaga, ýygnalmaga, saklanmaga, satylmaga ýa-da çalşylmaga degişli däldir» diýlip, Ekwadoryň Ýokary kazyýetiniň höküminde nygtalýar.

