Soňky habarlar

Arhiw

IIHF reýtingi täzeledi: Türkmenistan 48-nji orunda

11:2431.03.2022
0
4562

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy dünýäniň iň güýçli 50 ýygyndysynyň sanawynda galmagy başardy. Şaýbaly hokkeý boýunça halkara federasiýa (IIHF) tarapyndan 30-njy martda täzelenen reýting-sanawynda milli ýygyndymyz 48-nji orunda görkezilýär. Ýöne bu netije ozalkysyndan dört basgançak pesdir.

Milli ýygyndymyz Bosnýa we Gersegowina bilen Taýlandyň ýygyndylarynyň aralygynda ýerleşýär.

Reýtinge dünýäniň iň güýçli 55 ýygyndysy girizilipdir. Ilkinji 50-ligi Gyrgyzystanyň ýygyndysy jemleýär. Sanawyň başyny Finlandiýanyň ýygyndysy çekýär.

― Reýting sanawy düzülende ýygyndylaryň soňky dört ýylda görkezen netijeleri, şol sanda, 2018-nji we 2022-nji ýyllardaky Olimpiýa oýunlarynda görkezilen netijeler göz öňünde tutuldy ― diýip, IIHF sanaw barada düşündiriş berdi.

Başyny Finlandiýa çekýän sanawyň ilkinji üçlüginde Kanadanyň we Russiýanyň ýygyndylary hem bar.

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysynyň şu ýyl dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynyň «A» toparçasyndaky ýaryşlara gatnaşmagyna garaşylýar. Bu ýaryşda görkeziljek gowy netije milli ýygyndymyzyň häzirkisinden has ýokarky basgançaklara galmagyny üpjün eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň